
SKU
GOB1201
Brend
GOLOVE
Mekdep sumkasy GOLOVE GOB1201
Brend: GOLOVE
890.00 TMT
Eltip bermek 1-2 iş güni içinde
Beýany
Esasy häsiýetnamalary Ortopedik we gaty karkasly arka tarapy: Çaganyň oňurgasyna düşýän agramy dogry paýlamak we iňňeligi ýitirmezlik üçin arkasy anatomik gurluşa eýedir. "Airflow" ýumşak setkaly örtügi arkanyň derlemeginiň öňüni alýar. Gaty öňki paneli (Формованный каркас): Rükzagyň öň tarapy ýörite gaty materialdan ýasalandygy üçin, ol formasyny saklaýar we çaga ýykylanda ýa-da sumka gapdala degende içindäki depder-kitaplaryň, gajetleriň gysylmagynyň/ýyrtylmagynyň öňüni alýar. Ýeňilligi: Göwrümi takmynan 14 litr töweregi bolup, rükzagyň öz agramy gaty ýeňildir (takmynan 600–650 gram). Bu bolsa mekdep okuwçylary üçin örän möhümdir, sebäbi çaganyň gerşine goşmaça agram düşmeýär. Suw geçirmeýän material: Ýokary hilli, berk poliester matadan tikilendir. Ýagynly günlerde kitaplaryň we depderleriň çyg çekmeginiň öňüni alýar. Bölümleri we sygymlylygy Rükzak mekdep esbaplaryny tertipli saklamak üçin amatly bölünen: Esasy iki sany uly bölüm: Kitaplar, uly depderler we albomlar üçin niýetlenen. Içinde goşmaça separatorlary (bölüjileri) bolup, resminamalaryň gatyşmazlygyny üpjün edýär. Öňki kiçi bölüm/jübi: Penaly (ruçka-galam gaby), bloknotlary ýa-da nahar gutusyny (lançbox) goýmak üçin amatly. Gapdal jübüler: Suw gaby (flyaşka) ýa-da saýawan (zontik) goýmak üçin setkaly we rezinli ýerler. Ulanyş we ideg maslahatlary Arassalamak: Gaty karkasly paneli we ýörite materialy sebäpli ony kir ýuwýan maşynda gaty rejimde ýuwmak maslahat berilmeýär. Hapalanan ýerlerini çygly süpürgiç ýa-da sabynly gubka (gupka) bilen aňsatja arassalap bolýar. Sazlamak: Rükzagyň egnine dakylýan kemerlerini (lyamka) çaganyň boýuna görä sazlaň. Rükzagyň düýbi çaganyň bilinden aşak düşmeli däldir, şonda ortopedik aýratynlygy doly işleýär.
Meňzeş harytlar
Bulary hem halap bilersiňiz

