Täze
SKU
9381
Brend
Swissgear
Sumka "+" SWISSGEAR 9381
Brend: Swissgear
390.00 TMT
Eltip bermek 1-2 iş güni içinde
Beýany
Esasy aýratynlyklary we gurluşy Ýokary hilli material: Suw geçirmeýän we ýyrtylmaga çidamly galyň neýlon/poliester matadan (Jacquard Oxford ýa-da Cordura) taýýarlanan. Bu material rükzagyň içindäki resminalary we tehnikany ýagmyrdan hem-de gardan goraýar. Noutbuk üçin ýörite bölüm: Içinde noutbugy zarbalardan goratmak üçin ýumşak diwarly we fiksatorly (berkidiji) ýörite bölümi bar. Ol 15.6 dýuýma çenli (käbir görnüşlerinde 17" çenli) noutbuklary aňsatlyk bilen sygyrýar. Ortopedik arka tarapy (Airflow ulgamy): Rükzagyň arkasynda ýörite ýumşak we howa geçiriji setkaly poduşkalar bar. Bu ulgam agramy arka bärkli paýlaýar, oňurganyň ýorulmagynyň we arkanňyzyň derlemezliginiň öňüni alýar. Polat trossly tutawaç: Bu modeliň iň esasy aýratynlygy — ýokarky tutawajynyň içinden polat sim (tros) geçirilip, daşynyň rezin/plastik bilen goralmagydyr. Bu tutawaç örän uly agramy götermäge ukyplydyr we hiç wagt gopmaýar. Esasy uly bölüm: Eşikler, galyň kitaplar ýa-da uly göwrümli zatlar üçin. Organaýzer bölüm: Ruçkalar, açarlar, telefon, gapjyk we pasport ýaly ownuk resminamalar üçin niýetlenen köp sanly kiçi jbjekler. Gapdal jübüler: Suw gaplary ýa-da termos goýmak üçin setkaly jübüler we açary, guraly goýmak üçin zynjyrly (zamokly) ýerler. USB we Audio portlar: Lýmkasynda (egne dakylýan ýerinde) ýörite USB we gulaklyk (3.5 mm) çykyşlary bar. Powerbank-y rükzagyň içine goýup, daşyndan telefonyňyzy aňsatlyk bilen zarýada goýup ýa-da aýdym diňläp bilersiňiz. Nirelerde ulanylýar? Okuw we iş üçin: Talyp ýaşlar we ofis işgärleri üçin iň gowy saýlaw. Noutbuk, planşet, A4 formatdaky kagyzlar we nahar gutularyny götermek örän amatly. Syýahat we komandirowka: Uçarda ýanyň bilen alynýan goş (ручная кладь) hökmünde ulanyp bolýar. Gapdalyndaky gysgyç kemerleri arkaly rükzagyň göwrümini kiçeldip ýa-da ulaldyp bolýar. Işjeň dynç alyş (Pohod): Berk tikinleri we çidamly aşaky bölegi (düýbi) sebäpli ony tebigata gezelenç edeniňizde ýa-da welosiped süreniňizde hem ulanyp bilersiňiz.
Meňzeş harytlar
Bulary hem halap bilersiňiz






